7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy.
Sungat ussatlarynyň, aýdymçy-sazandalaryň çykyşlary ýurdumyzda geçirilýän dürli mazmunly çärelere aýratyn öwüşgin çaýýar. Şunuň bilen baglylykda, «Aşgabat» aýdym-saz merkeziniň sahnasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralan bu döredijilik bäsleşigi hem aýdym-saz muşdaklary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýaş aýdymçylaryň arasynda yglan edilen bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýär.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi halkymyzyň ruhy mirasynyň baýlaşmagyna, aýdym-saz sungatynyň ösmegine mümkinçilik berýär hem-de gadymdan gelýän bagşyçylyk däpleri bilen häzirki zaman aýdym-saz sungatynyň arasynda köpri bolup hyzmat edýär. Munuň özi ýaş ýerine ýetirijileri halk aýdymlary döwrebap äheňler esasynda gaýtadan işlemäge we milli ruhda täze aýdymlary döretmäge mümkinçilik berýän döredijilik başlangyçlaryna höweslendirýär. Şeýle döredijilik çäreleriniň geçirilmegi milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Munuň özi milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine goşant goşjak zehinli artistleriň täze neslini kemala getirmekde, türkmen aýdym-saz sungatynyň geljekki parlak ýyldyzlaryny ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşigi bolsa ýaşlary döredijilik bilen meşgullanmaga, sungatda öz ýoluny tapmaga we täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony has-da kämilleşdirmek, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary bu ugurda höweslendirmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, merdana ata-babalarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda aýdym-saza uly ähmiýet beripdirler, sungatda synmaz güýjüň, mizemez erkiň bardygyna, onuň nesilleriň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirýändigine ynanypdyrlar. Gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten aýdym-sazlarymyzda halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri, belent adamkärçilik häsiýetleri jemlenendir. Pederlerimiz döwletli ojagynda, abadan ilinde ýaňlanýan aýdym-sazlary ruhy syrdaşyna, köňül penasyna öwrüpdirler, ony nesilden-nesle geçirip, häzirki döwrümize ýetiripdirler. “Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplarynda aýdym-saz sungatynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda uly orun tutýandygyny, türkmen halkynyň öz sungaty bilen dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygyny çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli aýdym-sazlarymyz üstünliklerimiziň mukamy bolup, dünýä ýaýylýar, asudalygyň we agzybirligiň waspyna öwrülip, belentden ýaňlanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
Zehinli ýaş aýdymçylaryň«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda ata Watanymyzy, tebigatymyzyň gözelligini we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar aýdymlary sazly we sazsyz görnüşde ýerine ýetirdiler. Olaryň çykyşlaryna ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlaryndan düzülen eminler topary baha berdi.