Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda, paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Garajaoglan” seýilgähinde öz körpeje okyjylary bilen 1-nji iýun, çagalary goramagyň halkara günine bagyşlap “Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi” ady bilen “Türkmenistan” teleýaýlymynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirdi.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler.
Ýaşajyk okyjylarymyzyň özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara, döwrebap bilim–terbiýe almak, okamak, öwrenmek, dynç almak üçin döredilen mümkinçiliklere buýsanyp ýerine ýetiren goşgularynda, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary belentden ýaňlandy.
Söhetdeşligiň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlyk bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.