logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞ DIZAÝNERLERIŇ DABARALY DIPLOM GORAGY

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaş dizaýnerleriň yhlasly zähmetleriniň miwesini görkezýän diplom gorag dabarasy geçirildi. Diplom goragy okuwyň tamamlanmagy däl-de, zehinli ýaşlaryň sungat älemine goýýan uly ädimidir.

Sungat - döredijiligiň çäksiz ummanydyr. Soňky ýyllarda dizaýn sungaty diňe bir bezeg serişdesi däl-de, durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şu günki gün sungat ojagymyzyň dizaýn hünäri boýunça 6 ýyl bilim alan uçurymlarynyň diplom goraglaryna syn edeniňde, olaryň özboluşly pikirleri we çemeleşmeleri netijesinde geljekki dizaýn dünýäsiniň näderejede ösjekdigine göz ýetirýärsiň. Her bir uçurymyň saýlap alan hünäri boýunça öz ornuny tapmagy hem-de döredijilikli zähmetleri bilen jemgyýetimize goşant goşmaklary biziň esasy maksadymyzdyr.

Dizaýn sungaty häzirki wagtda dünýä giňişliginde örän çalt ösýär. Häzirki zamanyň dizaýn talaplaryna görä, taslamalaryň diňe bir göze ýakymly bolman, adamlar üçin amatly we rahat bolmagy hem möhüm şertdir. Şeýle döwrebaplygy milli mirasymyz bilen sazlaşykly utgaşdyryp, türkmen binagärligini has-da ösdürmekde ýaş dizaýnerleriň we binagärleriň alyp barýan işleri geljegimiz üçin uly ähmiýete eýedir.

Uçurym dizaýner Şadurdy Jumaýewiň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» dizaýn işi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk ýoluny dizaýnyň dili bilen dünýä ýaýýar. Akjemal Bezirgenowanyň «Hakyda göwheri» dizaýn işi ruhy gymmatlyklarymyzy we taryhy mirasymyzy, hususan-da gadymy gündogar medeniýetini öwrenmek, şöhlelendirmek bilen baglanyşyklydyr. Maketiň umumy reňk öwüşgini, taryhy äheňi we elementleriň sazlaşykly ýerleşdirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň gymmatlylygyny has-da aýdyň görkezýär. Maketleriň oturdylan esasy böleginiň merkezine girizilen milli nagyşlar, dizaýnyň türkmen medeniýetine degişlidigine şaýatlyk edýär hem-de umumy taslamanyň bitewüligi saklanýar. Tomaşaçynyň taryhymyzyň gymmatly çeşmelerine hormatyny artdyrýar.

Uçurym Gunça Haitowanyň «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» dizaýn işi döwrebap binagärligiň, milli gymmatlyklaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýän hakyky sungat eseridir. Dizaýnyň ýokarky böleginde şekillendirilen tehnologik torlar we ak kepderiler, Arkadag şäheriniň «akylly şäher» ýörelgesine eýerýän, parahatçylykly we ösen geljegiň mekanydygyny alamatlandyrýar. Gök reňkiň dürli öwüşginleriniň agdyklyk etmegi, dizaýn eserine giňişlik, durnuklylyk we geljege bolan ynamly garaýyş berýär. Diplom işi Arkadag şäheriniň kuwwatyny, tehnologik ösüşini we medeniýetini bir bütewilikde görkezýän oýlanyşykly çeperçilik taslamasy bolup durýar.

Diplom işleri milli mirasymyzy, döwlet syýasatymyzy we şähergurluşyk ösüşimizi häzirki zaman dizaýn tilsimleri bilen birleşdirip, ýokary çeperçilik derejesinde görkezilipdir. Dizaýn hünäriniň uçurymlarynyň diplom işlerinde görkezen bu belent döredijilik derejesi, geljekki hünär ýollarynda hem uly üstünliklere beslenjekdigine ynam döredýär. Olaryň watançylyk duýgusyny häzirki zaman ösüşlerimizi dizaýn dili bilen, kämil derejede beýan etmegi hakykatdan-da guwandyrýar. Uçurymlaryň diplom işleri, dizaýn tilsimleriniň, milli bezeg elementleriniň we döwrebap tehnologik serişdeleriň utgaşyklylygy nukdaýnazaryndan ýokary derejede ýerine ýetirilip, geljekki dizaýnerler üçin nusgalyk bolup durýar.

Jemal MEREDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 2-nji ýyl talyby.