logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝAŞ MEÝLETINÇILER ÜÇIN OKUW MASLAHATY

ÝAŞ MEÝLETINÇILER ÜÇIN OKUW MASLAHATY

Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde şu ýylyň 12-16-njy awgusty aralygynda meýletinçilik işi boýunça «Ýaş Meýletinçiler üçin okuw maslahaty» geçirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň ýaşlary çagyryldy. Bişkek şäherinde geçirilýän bu halkara çärä ýurdumyzyň ýaşlaryndan düzülen wekilýet hem gatnaşýar.