Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dürli dabaralar behişdi bedewlerimiziň hormatyna bagyşlanýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda Ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda, çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigi ýokary derejede geçirildi. Döredijilik bäsleşiginde alty sany ugur boýunça has tapawutlanan eserlere ýokary baha berildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýatdan çykmajak wakalara besledi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň mugallymy Ahat Mälikowyň «Türkmen bedew aty – Toýly» atly heýkel eseri döredijilik tarapdan täsir galdyryjy owadan hereketi bilen taraşlanýar. Sungat ojagynyň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Rustam Kurbanowyň «Toýly Watanym» atly nakgaş eserinde milli at-şaýsepleri bilen bezelen gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan behişdi bedewimiziň keşbi ak mermere beslenen Aşgabat şäherimiziň çeper sazlaşygynda beýan edilýär. Şeýle-de «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Begençgeldi Amanowyň «Türkmen bedew aty şaý-sep toplumy» döwrebap öwüşgin berlen inçeden sünnäligi, nepisligi, ganatly bedewlerimiziň gözelligine ýaraşykly hem-de sazlaşykly ýasalandygy bilen tapawutlandy. Ýaş mugallymlarymyz ajaýyp döredijilik eserleri bilen aýratyn tapawutlanyp Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa Serpaýyna mynasyp boldular. Ata – Watanyňa, milli gymmatlyklaryňa bolan hormatyňy kämil eserler bilen dünýä ýaýmak ýaş mugallymlar üçin uly bagtdyr.
Bilbil ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy