logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞ NESILLERI TERBIÝELEMEKDE KITAPLARYŇ ÄHMIÝETI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Ýaşlyk säheri” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Ýaş nesilleri terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, olary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, kitaba bolan söýgüsini artdyrmaklyk üçin türkmeniň ruhy baýlygynyň aýawly saklanylýan merkezi bolan kitaphanalarda ýaşlar bilen geçirilýän çeper okaýyşlar, okuw sapaklary, guralýan göçme kitap sergileri dogrusynda söhbet edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitaba uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.