logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaş nesilleriň Watan hakda aýdymy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde - “Ýaş nesilleriň Watan hakda aýdymy” atly göçme sergi gurady.

Gökdere jülgesinde guralan sergidäki kitaplar, ertekiler - sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy bar. Guralan sergidäki nota neşirlerinden çagalar dürli sazlary çalyp gördüler.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.