logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaş şahyrlarymyzyň halkara festiwalyndaky üstünlikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, döredijilik işgärleriniň halkara festiwallaryna gatnaşmaklary ugrunda ähli şertler döredilýär.

«Häzirki döwürde il içinden zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olarda medeniýete, sungata, edebiýata söýgi döretmek esasy wezipeleriň biridir.» diýip, Hormatly Prezidentimiz parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna ýurdumyzyň ýaş şahyrlarynyň gatnaşmaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu halkara festiwaly, türki halklaryň ýaş şahyrlarynyň özboluşly baýramyna öwrüldi. Bu halkara festiwalyna Türkmenistanyň, Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikalarynyň ýaş şahyrlary gatnaşdylar.
2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda Agdam şäheriniň Mugam merkezinde bu halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raew, Azerbaýjanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Ferid Jafarow, Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Selim Babullaoglu, Türkiýäniň Ankara sosial uniwersitetiniň rektory Musa Kazim Arijan, Türkiýäniň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Muhammet Enes Kala we başga-da birnäçe ýazyjy-şahyrlar çykyş etdiler. Şeýle hem, ýaş şahyrlaryň çykyşlaryna-da giň orun berildi. Dostlukly ýurtlaryň ýaş şahyrlary dürli temadan ýazan goşgularyny okadylar. Ýurdumyzyň ýaş şahyrlary Kerim Hallyýewiň, Garahanjar Baýhanowyň, Ýusup Meredowyň okan goşgulary festiwalyň tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dili, köki we taryhy bir bolan türki halklaryň ýaş şahyrlarynyň okan goşgulary dost-doganlygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlandy.

Özbegistanyň Žurnalistler birleşiginiň başlygy, şahyr Şöhrat Arifiň ýakynda azerbaýjan dilinde neşir edilen «Mäktubdur ömrüm» atly goşgular kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň guralmagy, şygryýet agşamyny has-da dabaralandyrdy.

Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalynyň Wagif poeziýa günleri bilen utgaşykly gelmegi, özboluşly many-mazmuna eýedir. Molla Penah Wagif azerbaýjan nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we ХVIII asyr azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Pena Wagifiň döredijiligine bagyşlanyp ylmy maslahat geçirildi.

Şol gün günüň ikinji ýarymynda Şuşa şäherinde azerbaýjan halkynyň nusgawy şahyry Molla Penah Wagifiň muzeý-kümmet toplumynyň öňündäki meýdançada Wagif poeziýa günleri mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň başynda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimli, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raew, Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Reşat Mejit we başga-da birnäçe ýazyjy-şahyrlar çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda Molla Penah Wagifiň ömrüne we edebi mirasyna bagyşlanan teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlar guraldy. Şuşa şäheriniň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Soňra Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna gatnaşyjy ýaş şahyrlary sylaglaýyş dabarasy boldy. Halkara festiwalynda Türki dünýäsiniň medeniýetiniň we sungatynyň, edebiýatynyň ösmegine goşant goşandyklary üçin, Türkmenistandan Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň medeniýet öýüniň tans goýujysy Kerim Hallyýew hem-de «Güneş» žurnalynyň öz habarçysy Garahanjar Baýhanow TÜRKSOÝ-yň «Molla Penah Wagif» medalyna mynasyp boldular. Olar bu festiwalyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Şeýle hem, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň Saz mugallymçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredow TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Diplomyna mynasyp boldy. Festiwalda türki döwletlerden gelen ýaş şahyrlaryň başga-da birnäçesine medallar we Diplomlar gowşuryldy.

Bu halkara çäräniň ýeňijilerine mynasyp bolan sylaglaryny TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary Sultan Raew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Keremli dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen bu halkara çäresine gatnaşan ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, milli sungatymyzy we edebiýatymyzy dünýä derejesinde ösdürmäge uly goldaw-hemaýatlary berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.