logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaş şahyrlaryň döredijiligi

Ýakynda Türkmenistanyň döredijilik wekilleri Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna gatnaşyp, sylaglara mynasyp boldylar. Şeýle ajaýyp waka mynasybetli üstünlik gazanan ýaş şahyrlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen söhbetdeşligi ýazga geçirdiler. Söhbetdeşlikde çykyş eden şahyrlar Şuşa şäherinde Azerbaýjan edebiýatynyň nusgawy şahyry Molla Penah Wagifiň muzeý-goraghanasynyň öňündäki meýdançada Wagifiň şygyrýet günlerine bagyşlanyp geçirilen dabarada özleriniň döreden şygyrlary bilen çykyş edendiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Olar söhbetleriniň ahyrynda ýaşlarymyz hakynda döredilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.