«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» atly 2025-nji ýylymyzyň adynyň özi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegini dabaralandyrýar. Bu bolsa medeniýetde, sungatda hem öz mynasyp beýanyny tapýar. Sungat diňe bir gözelligi döretmek däl-de, eýsem, ony adamzat jemgyýetine ornaşdyrmakdyr.
Gymmatly we gadymy sungat eserleriniň üsti bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» atly halkara sergisi we doganlyk ýurtlaryň suratkeşleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi.
Sergide Günbatar Ýewropa şekillendiriş sungatynyň iň naýbaşy eserleri görkezildi. Naýbaşy eserleriň hatarynda, Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplaryň zähmetinden dörän parahat we asuda Watanymyzy wasp edýän sungat eserleri hem ýerleşdirilipdir.
Dost-doganlyk sergisinde ýerleşdirilen eserler öz döwrüni, taryhyny, milli mirasyny, döwrüniň haýsy mekdebine degişlidigini açyp görkezýär. Bulara mysal edip: K.K.Şteýbeniň “Nikolaý Dmitriýewiç Alferaki”, E.Reýmanyň “Wenesian kanalynyň görnüşi”, fransuz mekdebiniň suratkeşi Ž.AWattonyň “Serenada”, I.A.Şarlemanyň “Oreşka şäheriniň basyp alynşygynda, Pýotr IÝekaterina Skawronskaýa bilen duşuşygy”, golland mekdebiniň suratkeşlerii G.W.Swaneweltiň “Harabaly we şekilli peýzaž”, I.Glauberiň “Seýilgähdäki köşk”, fransuz mekdebiniň suratkeşleri J.B.A.Gilýemetiň “Guşlar howlusy”, Ş.O.Penniň “Awçy itler”, Ş.E.Bomonyň “Döwülen küýze”, Şassetakyň “Ýaş öý bikesi”, W.Petitiň “Willebon galasynyň görnüşi”, nemes mekdebiniň suratkeşi F.Grebeniň “Fýordly peýzaž”, B.R.Žýulýeniň “Tomusyň keşbi”, F.K.Winterbalteriň “Zenan portreti” ýaly eserleri görkezmek bolar.
Halkara onlaýn duşuşygynda doganlyk ýurtlaryň suratkeşleri, mugallymlary, suratkeşler birleşikleriniň başlyklary, professorlar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Şeýlelikde bu sergi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine esas bolup, örän täsirli geçdi.
Şeýle-de bu sergä asuda, parahat döwletimizde okap, bilim alýan ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, şol sanda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýada dürli hünärlerde bilim alýan talyp-ýaşlary gatnaşdy. Halkara “Türkmenistan dost-doganlyk mekany” atly sergi biziň okuw jaýymyzda bilim alýan talyplarynyň täze eserlerini döretmeklerine ylham çeşmesi bolup, gelejeki döredijilik işleriniň hem gözbaşy bolup hyzmat eder.