logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaş suratkeşleriň tejribe sapaklary

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tejribe saparyny guradylar. Çeperçilik mekdebiniň okuwçylary üçin muzeý diňe bir taryhy gymmatlyklaryň saklanýan ýeri bolman, eýsem hakyky ylham çeşmesi, döredijilik we tejribe meýdançasydyr. Bu çäre ýaş hünärmenleriň amaly başarnyklaryny kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy.

Bu tejribelik sapaklarynda okuwçylar muzeý gymmatlyklarynyň, gadymy öý goşlarynyň, şaý-sepleriň we heýkelleriň suratyny galamda we reňkde çekmek taryhy we medeni mirasymyz bilen ýakyndan tanyşmak, gadymy nagyşlaryň syrlaryny öwrenmek suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň zähmetini ýerinde görüp, olaryň kompozisiýa we reňk sazlaşygy boýunça usullaryny synladylar.

Muzeýiň ekspozisiýasynda ýaş taryhy sahnany janlandyrýan şekillendiriş sungaty eserlerine syn edip, mugallymlaryň ýolbaşçylygynda işiň kompozisiýa düzülişini derňew etdiler.

Bu amaly tejribe işi ýaşlaryň diňe bir surat çekmek ukybyny kämilleşdirmän, eýsem olaryň milli sungatymyza bolan söýgüsini we hormatyny artdyrdy.