Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere beslenýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda çagalykdan arzuwlan maksadymyň amala aşmagy meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Çünki men Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň kitap grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby boldum. Meniň muňa begenjimiň çägi ýok. Meniň Ahal welaýatynyň Nury Saryýew adyndaky welaýat çagalar sungat mekdebinde çeperçilik hünäri boýunça ilkinji sungat bilimimi kämilleşdirmek maksadym söýen kärimiň bagtyýar talyby bolmaklygyma getirdi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň geçiren surat bäsleşigine gatnaşyp, özümiň döredijilik başarnygym bilen üstünlikli çykyş etdim. Bize bilim almaga, döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Amandursun Bäşimowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
şekillendiriş sungaty fakultetiniň kitap grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby