logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝAŞ ZEHINLERIŇ BÄSLEŞIGI

Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen ýurdumyzda gelejekki nesillerimiziň asuda Watanymyza, bagtyýar halkymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Gahryman Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri, öz hünäriniň ussat eýesi bolmaklary, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan giň gözýetimli, her bir işe döredijilikli çemeleşýän bäsleşige ukyply öňdebaryjy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli bolsa ýurdumyzda parahatsöýüjilikli, dost-doganlykly gatnaşyklara esaslanýan giň gerimli çäreler, forumlar, festiwallar, bäsleşikler geçirilip, parahatçylygy wagyz etmek baş şygara öwrüldi. 2025-nji ýylyň maý aýynyň 20-ne ýurdumyzyň ähli çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda “Bagtyýar nesil parahatçylygy wasp edýär” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýokary guramaçylykly geçirildi. Bäsleşige gatnaşan çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlary “Türkmen milli saz gurallary”, “Halk saz gurallary”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Kirişli saz gurallary”, “Fortepiano”, “Aýdym aýtmak sungaty”, “Bagşyçylyk sungaty”, “Horeografiýa sungaty” ugurlary boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy saz eserlerini, nusgawy we häzirki zaman tanslaryny ýerine ýetirdiler.

Eminler tarapyndan saýlanan ýeňijileri sylaglamak dabarasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda geçirilip, ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Diplomlar we Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bolsa ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

Dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktory M.Kerimow çykyş edip, “Bagtyýar nesil parahatçylygy wasp edýär” atly döredijilik bäsleşigine gatnaşan çagalaryň döredijilik başarnyklarynyň we taýýarlyklarynyň ýokarydygyny aýratyn bellemek bilen, olaryň ýurdumyzyň saz sungatynyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna uly ynam bildirdi. Dabara ýeňijileriň konsert çykyşlary bilen dowam edip, parahatçylygy wasp edýän aýdym-saz eserleri ýaş aýdymçy sazandalar tarapyndan joşgunly ýerine ýetirildi hem-de bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip beren medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleriniň belentden-belent ýaňlanmagy bilen jemlendi.

Sähra BAÝRYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy