“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde geçirilen “Kompozisiýa” hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmuradowanyň awtorlyk konserti hem şeýle dabaraly çäreleriň biri boldy. Bu konserda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary, halypa kompozitorlar we talyp-ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda konserti açyp bermek üçin “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri, kompozitor Kerimguly Garowowa söz berildi. Soňra ajaýyp konsert ýaş zehinli kompozitor Aýläle Gulmuradowanyň döreden ajaýyp aýdym-sazlary bilen utgaşyp gitdi.
Konsert maksatnamasy Wepa Allaşowyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Ili gözlär” atly aýdym bilen açyldy. Soňra, dabara Läle Arazdurdyýewanyň, Ýusup Ataýewiň, Aşgabat şäher 4-nji çagalar sungat mekdebiniň uçurymy Näzli Pirkulyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Şahyrym”, “Ýazym şeýle owadan”, “Muhtaç eýleme”, “Çeşmäm” ýaly ajaýyp aýdymlar bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen ähli aýdymlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Şeýle-de, konsert maksatnamasyna girizilen “Fortepiano üçin 6 miniatýura”, “Tema we onuň wariasiýalary” atly fortepiano üçin eserleri diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti, ussat kompozitor Daňatar Hydyrowa söz berildi. Halypa mugallym ýaş kompozitora geljekde has-da öňegidişlikleri we ak ýol arzuw etdi.
Konsertiň ahyrynda Wepa Allaşow we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Osman Aşyrowyň sözlerine döredilen “Watanym” Alkyşnama eseri döwrümiziň waspyny ýetirip, köňül alkyşlaryna beslenen ajaýyp jemlenme boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar talyp-ýaşlaryň öz zehinini açyp görkezmegi we kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby