Mary welaýat kitaphanasynda «Ýaşasyn parahat durmuş» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň artisti Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa gatnaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen ýaşlarynyň Watana bolan ygrarlylygyny pugtalandyrýan, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenjek ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek ähli çärelerde ýaşlary işjeň çekmäge çagyryş bolan bu söhbetdeşlik Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň mazmuny esasynda söz açyldy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygary, onuň şekili, mazmuny we wezipeleri barada giňişleýin beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly parasatly kitaplarynyň mazmunynda Oguz han atamyzdan bäri dowam edip gelýän türkmeniň parahatçylyk ýörelgeleri, Magtymguly Pyragynyň kalbynda göteren, şygyrlarynda beýan eden parahatçylyk pelsepesi barada hem türkmen ýaşlaryna wagyz etdiler.
Çäräniň ahyrynda Bitaraplygymyzy gözleriniň göreji deýin gorap, Watanymyza gerekli ogul-gyzlar bolup ýetişjekdiklerine ynandyryp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň parahat ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşlaryny we hoşallyklaryny aýtdylar.