logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ!

Mary welaýat kitaphanasynyň ýaşulylar otagynda «Ýaşasyn parahat durmuş!» Mary welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çaga terbiýesinde kitabyň orny dogrysynda bellenilip geçildi. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmeklik dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykýan ajaýyp eserleriniň ähmiýeti dogrusynda nygtalyp geçildi.

Ösüp gelýän ýaş nesilleri ylymly bilimli hünär taýdan kämilleşen ýaşlar edip ýetişdirmeklik üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun ähli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.