logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY SAGLYK

ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY SAGLYK

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Ýaşaýşyň gözbaşy saglyk» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde sport we bedenterbiýe diňe bir sagdynlygy aňlatman, eýsem, ynsanyň medeniýetliligini hem alamatlandyrýandygy, Bedenterbiýe bilen işjeň we her gün meşgullanmak jemgyýetimiziň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ösüp gelýän nesilleri has irki döwürden sporta höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek, halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli hem-de ruhubelent ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilen möhüm ugur bolup durýandygy, saglyk baş baýlyk hasaplanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.