logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty - gelejegiň kepili

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty - gelejegiň kepili” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Gatnaşyjylar halkymyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä ülňülerine laýyklykda ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly, tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan baş çykarýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýaşlar syýasatynyň döwrebap derejede durmuşa geçirilmegi şeýle aýratynlyklarynyň ählisini özünde jemleýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň hem-de biziň kitaphanamyz bilen bilelikde bu ugurda alyp barýan işleri hem örän ähmiýetlidir. Ýaşlaryň borçlary we hukuklary barada aýdylanda berkarar Diýarymyzda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti öran ýokarydyr. Bu Kanun Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini doly kesgitleýär. Ýurdumyzda bellenilen kadalara laýyklykda ýaşlaryň hataryna okuwçylar, talyplar, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, ýaş telekeçiler, ýaş alymlar, ýaş çatynjalar degişli bolup durýar. Bu kanunyň ýokary ähmiýeti Türkmen döwletniň şu günki beýik ösüşlerini we şöhratly geljegini nazara almak bilen, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny doly üpjün etmäge gönükdirilendigi bilen şertlendirilýär diýip çykyşlarynda bellediler.