logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaşlar bilen – kämillige tarap!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi we Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersiteti bilen bilelikde “Ýaşlar bilen – kämillige tarap!” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlar we olaryň bagtyýar durmuşy, nurana geljegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnygyny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmek maksady bilen giň möçberli işler alnyp barylýar diýip buýsanç bilen söhbet etdiler. “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler döwletimizi ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.