logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞLAR DURNUKLY GELJEGI GURÝARLAR

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumynyň barşynda «Landlinked» sergisiniň açylyşy we «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalaryna baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Sergide ýaşlaryň arasynda sanly telekeçiligi goldamaga gönükdirilen innowasion çözgütler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş işewürler öz ýurtlarynda duş gelýän möhüm meseleleri çözmäge ýardam berýän taslamalary bilen tanyşdyrýarlar. «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalary taýýarlan işlerinde sanly tehnologiýalaryň işewürligi ösdürmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek üçin netijeli gural bolup durýandygyna ünsi çekýärler. Ýaş startapçylar interneti we sanly platformalary ulanmak arkaly, geografik hem-de ykdysady päsgelçiliklere garamazdan, halkara bazarlara çykmagyň ýollary barada gyzykly wideoşekilleri taýýarlapdyrlar.

Ýaş telekeçileriň seljerme çykyşlarynda inklýuziw ösüşi gazanmaga we DÇBÖBD-niň dünýä ykdysadyýetinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk pikirler beýan edilýär. Bu çäre röwşen geljegi gurmakda ýaşlaryň eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň pikirlerine we başlangyçlaryna maýa goýmagyň tutuş halklaryň gülläp ösüşine ýardam berýändigini görkezýär.