logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞLAR FORUMY–ÝAŞLARYŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkezine «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Ýaşlar forumy–ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly söhbetdeşlik geçirdi. Mälim bolşy ýaly, ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda aýratyn orny eýeleýärler. Milletler bileleşigi ýaşlaryň döredijilikli çemeleşmesiniň, taglymlarynyň we güýç-kuwwatynyň ýaşaýan jemgyýetleriniň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini öňe sürýär. Şu jähtden, BMG-niň, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumunyň hem-de ýaşlar syýasaty bilen ugurdaş geçirilen çäreleriň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda buýsançly gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlary watanymyzyň daýanjyna deňäp, dürli ugurlarda zähmet çekmeklige giň şert mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlary beýan edildi.