logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaşlar röwşen geljegiň şuglasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Ýaşlyk” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ýaşlar röwşen geljegiň şuglasy” atly kitap sergisini gurnadylar. Bu ýerde çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri bilen giňden tanyşdyryldy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähir, söýgi bilen gurşalan ýaş nesilleriň ähli amatly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, tomusky dynç alyş günlerinde wagtlaryny peýdaly geçirýändikleri, dynç alyş merkezinde dürli çärelere gatnaşyp wagtlaryny şatlyk-şowhuna besläp dynç alýandyklary barada gürrüň edildi we olar bilen sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa geljekde ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelmegi bilen berk baglanşyklydyr. Soňra bolsa çärä gatnaşan ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.