logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Täsirli söhbetdeşlik

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň – daýanjy» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eseri, ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşantlaryndan söz açýan gymmatly eser bolup, ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de geljegimiz bolan ýaşlaryň ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.