logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞLAR WATANYŇ GELJEGI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýaşlar Watanyň geljegi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleri ylymly-bilimli, berk bedenli, halkyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny hem-de milli ýörelgelere eýerýän ýaş nesillerimizi kemala getirmek bilen bagly möhüm wezipeler amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemekde, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işlerini has-da döwrebap guramak ugrynda uly işleriň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň berkararlygy, il-günümiziň bagtyýarlygy ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.