Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Ýaşlar – Watanyň röwşen geljegi” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň eşretli, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, il-güne peýdaly, belent ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzy watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, ruhunda terbiýelemek üçin durmuşa geçirilýän işleriň barha rowaçlanýandygy we özüniň netijelerini berýändigi barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.