logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaşlary terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ýaşlary terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, täze taryhy eýýamda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýaş nesle halkara derejede bilim-terbiýe bermek boýunça maksatnamalaýyn işleriň giň gerimde durmuşa geçirilýändigi hakynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da kitabyň adamlaryň durmuşynda, ylaýta-da ýaşlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaklarynda tutýan ornunyň uludygyny belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!