Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty netijesinde, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelerine yzygiderli gatnaşyp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden wagyz etmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
2026-njy ýylyň 5-9-njy oktýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň ýigriminji ýubileý ýaşlar Delfi oýunlaryna sungatyň dürli ugurlary boýunça 9 döwletden 350-den gowrak ýaş zehinler gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde GDA agza döwletlerinden zehinli ýaşlary bir ýere jemlän bu halkara çäresine ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi.
Delfi oýunlaryna «Skripka saz guraly» boýunça gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Kirişli saz gurallary hünäriniň 5-nji ýyl talyby Seýran Atanyýazow II orna, kümüş medala mynasyp boldy.
Bu ýokary okuw mekdebiniň Opera sungaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby Äsal Ruslanowa «Wokal sungaty» ugry boýunça, şeýle hem konserwatoriýanyň Estrada sungaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby Anna Weliahmedowa «Estrada aýdym sungaty» ugry boýunça ýörite diplomlara mynasyp bolup, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.
Ýurdumyzyň ýaş zehinleriniň halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgat boldy.