logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI ÖWÜŞGINLER

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölümi “Ýaşlaryň döredijiliginde milli öwüşginler” ady bilen ýazyjy şahyrlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kitaphanalarda ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüsi barada we olara ylym-bilim almak üçin döredilýän mümkinçilikler barada, islendik şertlerde kitaplary okap bilmekleri üçin, internet ulgamynda täze sahypalaryň döredilmegi, edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr diýip belläp geçdiler. Döredijilik duşuşygynda täsirli edilen çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.