Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary üçin gyzykly gezelenç guraldy. Ýaş zehinleriň kalbynda halkymyzyň baý taryhyna, medeniýetine we sungatyna bolan buýsanjy artdyrmak maksady bilen guralan bu gezelenç okuwçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Gezelenjiň dowamynda muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde okuwçylar Berkarar döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan taryhy üstünlikler we ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ýakyndan tanyşdylar. Mekdepde sungat syrlaryny öwrenýän çagalar üçin Sungat bölüminde görkezilýän milli we dünýä wekilleriniň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk işlerini hem-de beýleki çeper eserleri uly gyzyklanma bilen synladylar. Tebigat bölüminde Ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, täsin tebigy künjekleri hem-de ekologiýa aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlar okuwçylaryň gözýetimini has-da giňeltdi. Taryh we etnografiýa bölüminde bolsa çagalar ata-babalarymyzdan miras galan gadymy tapyndylary, milli lybaslary, öý goşlaryny we zergärçilik sungatynyň seýrek duş gelýän nusgalaryny synlap, halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasy barada gymmatly maglumatlary diňlediler.
Bu gezelenç diňe bir taryhy we medeni maglumatlary öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ýaş aýdym-saz we sungat öwrenijileriň döredijilik ylhamyny has-da galkyndyrdy. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde milli gymmatlyklarymyzy wagyz edýän şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr.