logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞLARYŇ SESI–PARAHATÇYLYGYŇ SESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň 1 derejeli kitaphanaçysy Ogulsapar Işankulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp bolmagy ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyz belent üstünliklere beslenýär, şeýle ajaýyp günlerde ýaşlar baýragynyň eýesi bolmagym kitaphanaçylyk hünärime bolan buýsanjymy has-da artdyrýar. Döwrümiziň sesine ses goşup, kitaphana işini ösdürmekde, ýaş nesillerde kitap okamaklyga bolan söýgüni döretmekde zähmetimizi gaýgyrmarys.

Biz - ýaşlara uly ynam bildirýän, halal zähmet çekmäge, okamaga döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.