logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANÇLARY

Men Maya Kulyyewa adyndaky turkmen miili konserwatoriyasynyn “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 3nji ýyl talyby Selbinyýaz Atayewa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gözel watanymyz her bir günleri toýdyr baýramlara sepleýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata watanymyz ýeňişlerden ýeňişlere barýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde maňada Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny almak bagty miýesser etdi. Çagalykda eden bu arzuwym şu günki günde hasyl boldy. Begenjimiň buýsanjymyň çägi ýok.

Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeniýetimiz sungatymyzy täzeden dikeldip berdi, biz talyp ýaşlar gaty bagytly. Medeniyetimiz sungatymyz dünýä ýaýýan Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!

Türkmenistanyň Ýaşlar Baýragy bilen goýulan ýokary ynamyň we hormatyň eýesi bolmak meniň üçin örän uly buýsançdyr. Milli aýdym-saz sungatymyza ygrarly ýaş dörediji hökmünde, maňa şeýle hormatly döwlet sylagynyň berilmegi — eden zähmetime, yhlasly gatnaşygyma berlen uly bahadyr.

Bu sylag maňa geljekde-de has jogapkärçilikli işlemäge, öz ugrym boýunça täze belentliklere ymtylmaga güýç-kuwwat berýär. Aýdym-saz sungatyna bolan söýgimiň, döredijilige bolan hyjuwymyň döwlet derejesinde sylaglanmagy meniň üçin aýratyn buýsançdyr. Diňleýjilerimize ruhy lezzet paýlamak, milli mirasymyzy ýaşlarymyzyň ýüreklerine ýetirmek meniň döredijilik ýolumdaky esasy maksatlarymdan biridir. Bu sylagyň berilmeginde hyzmaty geçen mugallymlaryma, maňa goldaw berýän ähli adamlara uly hormat bilen minnetdarlygymy bildirýärin.

Men Watanymyzyň sungatynyň ösüşine edýän goşandymy artdyrmak üçin yhlas bilen zähmet çekmegi dowam etdirerin. Türkmenistanyň döwletine bildirilen ynam, ýaşlara döredip berilýän mümkinçilikler hemme kişiniň ýüreginde buýsanç döredýär. Bu mertebeli baýragyň eýesi bolmak bolsa meniň üçin ýatdan çykmajak hormatdyr.—Guljemal Taýlyýewa “Halk sazy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Watanymyzyň ýokary sylagy bolan Türkmenistanyň Ýaşlar Baýragy bilen sylaglanmagym meniň üçin aýratyn belent mertebedir. Men zehinimi we ukybymy milli saz sungatymyza bagyşlap, ýürekden we yhlasdan doly zähmet çekmäge ymtylyp gelýärin. Maňa şeýle sylagynyň berilmegi—şu ugrundaky tagallalaryma goýlan uly ynam, döredijilik işime berlen ýokary baha we geljekde has jogapkärçilikli işlemäge höwesdir. Truba saz guraly arkaly milli we dünýä klassyklarynyň eserlerini ýerine ýetirmek, halkymyzyň kalbyna saz arkaly ruhy täsir ýetirmek meniň iň uly maksadymdyr.

Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän döwletimiziň goldawy bolsa, ýaşlaryň döredijilik ýolunda erkini, güýjüni we ynamyny artdyrýar. Bu mertebeli sylag üçin Watanymyza, mugallymlaryma, öwredijilerime hem-de maňa hemişe goldaw berip gelen ähli adamlara çuňňur hoşallyk bildirýärin. Men mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekip, milli saz sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga dowam ederin.

Türkmenistanyň Ýaşlar Baýragynyň eýesi bolmak—meniň üçin uly buýsanç we jogapkärçilikdir. Bu ynama hemmetaraplaýyn mynasyp bolmak üçin öňümde goýlan maksatlara has-da berkarar gadamlar bilen ýöräp, eziz Watanymyzyň adyny belende galdyrmak meniň hem baş borjumdyr. Rozyýew Begenç “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäriniň 5-nji ýyl talyby

Ynha bu gün meniň döredijilik ýolumda altyn harplar bilen ýazylan günleriň biri boldy. Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmak diňe bir sylag däl, eýsem-de ýüregime ylham berýän, öňümde täze maksatlary açýan belent jogapkärçilikdir. Bu baýrak meniň zähmetime berlen ýokary baha we geljekde has-da yhlasly işlemek üçin güýjüň çeşmesidir.

Bu üstünlik diňe bir meniň däl, eýsem-de maňa ýol görkezýän halypa mugallymlarymyň, goldaw berýän maşgalamyň we ynam bilen goldaýan jemgyýetimiziň hem paýydyr. Şol ynamy aklamak we öwezini dolmak bolsa meniň iň esasy borjumdyr.

Berlen bu sylag meni has jogapkärli, has öňdengörüjilikli we ýürekden işlemek üçin ruhlandyrýar. Ýaşlarymyzyň döredijilikde, ylmyň we beýleki ähli ugurlaryň öňe gitmegi—ýurdumyz üçin iň uly baýlykdyr. Men hem şol rowaçlygyň bir bölegi bolmaga, ähli mümkinçilikleri peýdalanyp, öz goşandymy goşmaga jan ederin.

Şeýle ajaýyp zamanany bize peşgeş berýän, asuda asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde giň mümkinçilikleri döredip, halkyny biz ýaşlary alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýaryn. Goý olaryň janlary sag, başlary dik we alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! – Toýlyýewa Humaý “Sazşynaslyk” hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

— Men Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Sazşynaslyk" hünäriniň 5-nji ýyl talyby Jeýran Joraýewa.

Halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada eýe bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Ujypsyzja çeken zähmetime Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren beýik sylagy üçin begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Biz ýaş nesillere okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!


Humaý TOÝLYÝEWA.,

“Sazşynaslyk” hünäriniň 5-nji ýyl talyby