Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýaş nesilleriň arasynda dürli ugurlar boýunça bäsleşikler geçirilýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşik hem-de “Açyk gapylar” gününi geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdeplerini, ýörite sazçylyk mekdep-internatyny tamamlan we 2026-njy ýylda tamamlaýan uçurymlar gatnaşdylar. Geçirilen bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de zehinli sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. “Ýaşlyk joşguny” bäsleşik “Türkmen milli saz gurallary” (dutar, gyjak, gargy tüýdük); “Halk saz gurallary” (baýan, akkordeon, plektrli dutar, ud, kanun, çeň, baglama, bas dutar); “Kirişli saz gurallary” (skripka, alt, wiolonçel, kontrabas); “Üflenip çalynýan saz gurallary” (fleýta, goboý, klarnet, fagot, truba, waltorna, trombon, tuba, ksilofon); “Ýekelikde aýdym aýtmak”; “Hor dirižýorlygy”; “Bagşy”; “Fortepiano”; “Sazşynaslyk”; “Kompozisiýa” ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşigiň açylyş dabarasy we bije çekmeklik konserwatoriýanyň mejlisler zalynda geçirildi. Bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, eminler toparynyň netijesi esasynda 1-nji tapgyrda saýlanan gatnaşyjylar 2-nji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. Bäsleşigiň eminler topary tarapyndan her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlendi. Bäsleşige jemi 174 talyp-okuwçy gatnaşyp, olardan I orun 6 sany, II orun 12 sany, III orun 16 sany, hormat hatyna 35 sanysy mynasyp boldylar. Bäsleşige gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dürli hünärleri boýunça “Açyk gapylar” güni we halypa mugallymlarynyň ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Türkmenistanyň halk artisti, Ýörite fortepiano kafedrasynyň dosenti O.Annamyradowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti W.Mkrtumowyň, Türkmenistanyň halk artisti, Dirižýorlyk kafedrasynyň dosenti G.Babaýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Ç.Ahunowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy O.Igamowyň, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dosenti B.Rejepmedowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym M.Annamyradowyň, Kirişli saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy B.Gutlymyradowyň, Türkmenistanyň halk artisti, Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň uly mugallymy D.Hydyrowyň, Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň dosenti Ý.Sarkisowyň, Türkmenistanyň halk artisti A.Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň, Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Ş.Annagylyjowanyň, Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy G.Gurbandurdyýewiň, Türkmenistanyň halk artisti, Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Ş.Hojaýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy K.Ýowbasarowyň geçen ussatlyk sapagy gatnaşyjylar üçin has-da peýdaly bolup, halypalaryň döredijiliginden ylham almaklykda, saz sungatyny has içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bäsleşik ýeňijileri sylaglamak dabarasy bilen jemlendi.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz zehinlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, hünärimizi has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza minnetdarlygymyz çäksizdir. Goý olaryň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulbeg ÝEGENOWA,
şMaýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby