logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi

Lebap welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda “Ýaşulular-toýumyzyň, törümiziň bezegi” atly maslahat geçirildi.

Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli pudakda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we etrap kitaphanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýaşuly nesiller pähim-paýhas, görelde mekdebidir. Ähli döwürlerde olaryň sözleri diňlenilipdir. Watansöýüjilikde, zähmetsöýerlikde nusgalyk görelde görkezipdirler. Halkymyzyň ýaşuly nesillere hormat goýmagy gadymdan gelýän asylly ýörelgedir. Çäräniň dowamynda çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Çemen Pirnazarowa,
Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.