logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞULULAR ÝARAŞYGY-BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Ýaşulularyň halkara güni» mynasybetli halypa kitaphanaçylarymyz bilen «Ýaşulular ýaraşygy bagtyýarlyk döwrümiziň» atly söhbetdeşlik geçirdi. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän bu däbiň gadymy dessurlarymyza ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat, sarpa goýmak, olaryň mertebesini galdyrmak ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. Il sylagly ýaşulularyň ýurdumyzda geçirilýän dürli medeni-köpçülik çärelerine, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyp halkyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkemegine mynasyp goşantlaryny goşup gelýändikleri barada täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşliginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda diýarymyzyň ýaşulularyna pähim-paýhas mugallymlary hökmünde uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.