logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞULULARYŇ DURMUŞ TEJRIBESI–JEMGYÝETIŇ SAZLAŞYKLY ÖSÜŞINIŇ ESASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşulularyň durmuş tejribesi–jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň esasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen döwletinde asylly däbe görä, her ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne Halkara ýaşulular güni dabara bilen bellenilip geçirilýär. Bu däbiň bellenilip geçirilmegi-de, gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini ýokary galdyrmak ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy, Garaşsyzlyk ýyllarynda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen ýaşululara sala salmak, maslahat geçirmek, il içinde ýokary adamkärçiligi bilen görelde bolýan ýaşuly neslimize «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» diýen mertebeli atlaryň dakylmagy watandaşlarymyzyň başyny göge ýetirýändigi hakynda gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşulular jemgyýetiň paýhas hazynasy bolup, bu hazynany aýawly saklaýan, onuň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.