logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞULYLARYŇ GÖRELDESI-ÝAŞLARYŇ ÝÖRELGESI

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň» altyn güýziniň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Milli senenamyzda mynasyp orun alan her ýyl ýurdymyzda uly şatlyk–şowhun bilen bellenilýän Ýaşulylaryň Halkara güniniň dabaraly, göwün joşdurujy çäreleri gadymy Lebabyň medeniýet ojaklaryny, edara-kärhanalaryny toý lybasyna besläp hemişelik bitaraplygymyzyň barha golaýlaşýan ajaýyp baýramynyň uly joşguna beslenýän çäreleri bilen utgaşýar. Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ýaşulylaryň Halkara güni mynasybetli «Ýaşulularyň göreldesi-ýaşlaryň ýörelgesi» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Il-sylagly ýaşulylaryň, kümüş saçly mährem eneleriň, hem-de eşretli zamanamyzyň bagtyýar nesilleriniň uly ruhubelentlikde gatnaşmagynda muzeý gymmatlyklaryndan düzülen, milli mirasymyzy şöhlelendirýän sergi ýaşuly nesliň wekillerinde bagtyýar zamanamyzyň mährem enelerinde şeýle-de bagtyýar körpelerde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda muzeýe täsirli gezelenç gurnaldy. Täsirli hem-de ýatda galyjy pursatlara beslenen gezelenjiň dowamynda ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekillerine çäksiz sarpa goýýan, halkymyzy toýly günleriň gujagynda, parahatçylygyň, asudalygyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.


Gülüstan HUDAÝAROWA

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri