logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAŞULYLARYŇ HALKARA GÜNI WE HALKARA SAZ GÜNÜNE BAGYŞLANAN KONSERT

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medenýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär güneşli diýarymyzda her bir ýylymyzyň buýsançly şygaryny söhratlandyrmak babatda giň gerimli işler alynyp barylýar.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoýasynyň Ýaşulylaryň halkara güni we Halkara saz gününe bagyşlanan Kamera ansambly kafedrasynyň konserti geçirildi. Konsertde konserwatoýasynyň ussat mugallymlary, zehinli talyp ýaşlary özleriniň ýerine ýetirjilik başarnyklaryny görkezdiler. Çärede Türkmenistanyň halk artisti G.Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti W.Mkrtumow, Halkara bäsleşikleriň ýeňijileri S. Faramazowa, J.Ismailowa, A.Muhiýewa, S.Atanýazow, A.Otuzowa, “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňjileri B.Durdyýewa, L.Hudaýberdiýewa, A.Gylyjowa, B.Moşiýew dagy çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetirlen eserleriň arasynda Türmen halk sazy “Balsaýat”, R.Rejebowyň “Görogly” operasyndan Agaýunusyň ariýasy, H.Allanuruwyň “Söwer ýar”, “Keçpelek” kinofiliminden “Duran ýerleri”, O.Gurbannyýazowyň “Ýazlarym bilen”, Ç.Nuruýewiň “Toý aýdymy” hem-de daşary ýurt kompozitorlary I.S.Bahyň, J.Puççininiň, F.Kreýisleriň, P.Sarasateniň, M.Raweliň, G.Siwiridowyň meşhur aýdym-sazlary ýaňlandy.

Dabaraly konserte gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.


Gülkamar DÖWLETOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby