«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji maýynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kompozitorçylyk sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli opera konserti geçirildi. Türkmenistanyň we doganlyk döwletleriň ussat aýdymçy-sazandalaryny bir ýere jemlän bu sungat çäresi aýratyn täsirli, ajaýyp wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşup, uly hyzmatlary bitiren ussat halypalaryň döredijilik ýoluna, bitiren işlerine belent hormat-sarpa goýulýandygyny aýdyň açyp görkezdi. Aýdym-saz dabarasyna medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de türki döwletlerden gelen myhmanlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Dabara Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde, Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Meniň Watanym» atly simfoniki poema bilen açyldy. Soňra uly wokal eserlerine orun berlip, kompozitoryň «Zöhre we Tahyr» operasyndan «Pyýala» ariýasy ýaňlandy. Konsertiň dowamynda doganlyk ýurtlardan gelen zehinli sungat işgärleri hem, Weli Muhadowyň eserlerini ussatlyk bilen diňleýjilere ýetirdiler. «Zöhre-Tahyr» operasyndan Mahymyň aýdymyny Türkiýe Respublikasyndan, Tahyryň aýdymyny Gazagystan Respublikasyndan, Zöhräniň aýdymyny bolsa Azerbaýjandan gelen sungat ussatlarymyz ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Kemine we kazy» operasyndan Ogulbeg bilen Daňataryň, «Ganly saka» operasyndan bolsa Aýlar bilen Çaryýaryň aýdyşygyny hem diňlediler. Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Ilki söýgim, nirde sen?», «Söýgülim gelýär», «Jan Türkmenistan!» ýaly aýdymlar ýurdumyzyň hem-de doganlyk döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanyp, dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Konsertiň ikinji bölüminde sahnadaky simfoniki orkestre Özbegistan Respublikasynyň at gazanan artisti, ussat dirižýor Alibek Kabdurahmanow dirižýorlyk etdi. Konsert örän täsirli pursatlar bilen jemlendi. Weli Muhadowyň sazyna, Atadurdy Gurbanowyň sözlerine, hemmeleriň söýgüli eserine öwrülen «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy, ähli ussatlar hem-de konserte gatnaşyjylar bilelikde ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar artistleriň bu jemleýji çykyşyny, dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Konsertiň dowamynda türki döwletleriň milli aýdym-saz, opera sungatynyň eserleri hem ýerine ýetirildi. Munuň özi doganlyk halklaryň arasynda sungat köprüsiniň has-da berkeýändigini aýdyň görkezdi.
Şeýle hem, 3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli geçirilen konsert hem ýatdan çykmajak täsirlere beslendi.
Bu opera günleri mynasybetli geçirilen konsert türki dilli doganlyk halklaryň sungat ussatlaryny bir ýere jemledi. Konserte Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz, Türkiýe, Azerbaýjan Respublikalaryndan gelen belli opera aýdymçylary gatnaşdylar.