Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli medeniýetimiziň taryhynda uly yz galdyran görnükli şahsyýetleriň döredijiligine sarpa goýmak — bu biziň şöhratly geçmişimiz bilen nurana geljegimizi birleşdirýän ruhy köprüdir. Bu asylly ýörelgeden ugur alyp, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Hoşgeldi Şahberdiýewiň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýatlama sergi gurnaldy. Sergide suratkeşiň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserler, nakgaş we portret eserleri görkezilýär.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy belent derejelere göterýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.