logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«ÝAZ-ZEMINIŇ GÖZELLIGI»ATLY KITAP SERGISI

«ÝAZ-ZEMINIŇ GÖZELLIGI»ATLY KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi «Ýaz-zeminiň gözelligi» ady bilen kitap sergisini gurnady. Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň gelmegi bilen, ajaýyp tebigat ýaşyl begresini geýip, älemgoşar öwüşginli, gül-gunçaly lälezarlyklara beslenýär. Halk arasynda güller gözelligiň nusgasy saýylýar. Her bir gözellik güle deňelýär,gülüň ady bilen atlandyrylýar. Geçmiş edebiýatymyzda hem gülleriň,ajaýyp baharyň waspy ýetirilýär. Biz muňa Nurmuhammet Andalybyň dessanlarynda, Mollanepesiň goşgularynda we beýleki nusgawy edebiýatyň eserlerinde aýdyň göz ýetirilýär.Bu kitap sergisinde hem türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplary, şeýle hem türkmen ýazyjy–şahyrlarynyň Milli bahar baýramy, ýagny Halkara Nowruz baýramy barada ýazan ajaýyp eserleri ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

Asuda asmanyň astynda şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyza Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.