logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAZLAR GÜL DIÝARA TOÝ BOLUP GELÝÄR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ýazlar gül diýara toý bolup gelýär» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Milli bahar baýramy Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleriniň biri bolup, onuň kökleri biziň milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly milli mirasymyzdan gözbaş alýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwletimizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlige çagyrýan halkara baýramlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.