Ýaňy-ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Çagalary söýýän şahyr» atly ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirowyň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli edebi duşuşyk geçirildi. Duşuşykda halypa şahyr Hemra Şirow okuwçylara edebiýat sapagy bilen bagly ýaňlytmaç goşgularyny, matematika sapagy bilen bagly hasap goşgularyny okap berip, çagalar bilen sorag-jogap görnüşli şowhunly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň «Aşgabat», «Türkmenistan» teleýaýlymy gatnaşyp geçirilen duşuşygy teleýaýlymda şöhlelendirdi. Duşuşygyň dowamynda mekdep okuwçylary çagalar şahyry Hemra Şirowyň goşgularyndan goşgy bentlerini labyzly edip aýdyp berdiler. Edebi duşuşygyň ahyrynda halypa şahyr Hemra Şirowy gül çemeni bilen gutladylar. Şahyr okuwçylara okuw ýylynda üstünlik, olara bäşlik bahalar bilen okamagy arzuw etdi. Çäräniň dowamynda «Çagalaryň ýakyn dosty» atly şahyr, ýazyjy Hemra Şirowyň kitaplaryndan sergi gurnaldy.
Çäräniň soňunda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
