logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAZYJY- ŞAHYRLARY ÝATLAP

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň “Ruhy çyragym” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr, Ahmet Nepesowyň ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Döwlet kitaphanasynda hem okyjylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň we alymlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär, olara bagyşlanan kitap sergileri gurnalýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamaga mümkinçilik berýär. Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.