logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAZYJY ŞAHYRLARYMYZYŇ DÖREDIJILIGINDE NESIL TERBIÝESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Ýazyjy şahyrlarymyzyň döredijiliginde nesil terbiýesi» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň görnükli ýazyjy şahyrlaryň döredijiligi, halkyň jemgyýetçilik, ahlak we ruhy taýdan kemala gelmeginde möhüm ornunyň bardygyny, bu bolsa ýazyjy şahyrlaryň eserleri halkyň duýgularyny, düşünjelerini we öňe sürýän pikirlerini beýan etmek bilen, ýaşlaryň terbiýelenmegine, jemgyýetde has kämil nesiller bolup ýetişmegine giň ýol açýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda ýazyjy şahyrlaryň eserleri - bu halkyň ruhy dünýäsiniň, ýaşaýyş durmuşynyň, arzuw-islegleriniň hem-de taryhy tejribesiniň aýnasy bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.