2026-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» seýilgähinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda «Altyn güýzüň waspy» atly şahyrana döredijilik duşuşygy geçirildi. Şypaly howaly güýz paslynyň dowam edýän günlerinde geçirilen döredijilik duşuşygyna, halypa şahyrlar Bazar Şalyýew, Ezizgeldi Helleňow, «Watan» gazetiniň bölüm redaktorlary Çemen Annaberdiýewa, Ogultäç Oraztaganowa, ýaş zehinli şahyrlar Garahanjar Baýhanow, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň bölüm redaktory Gurbanjemal Annakowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Aýjemal Gaýlyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby, Nursoltan Derýaýewa dagy gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy-şahyrlar eziz Watanymyzyň bedew batly ajaýyp ösüşlerini, ak mermer binalara beslenen paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de agraslygyň we kämilligiň pasly hasaplanýan altyn güýzüň waspyny şahyrana çykyşlary, şygyrlary bilen ýetirdiler.
Ýazyjy-şahyrlar eden söhbetlerinde, okan şygyrlarynda ösüşlerimiz bilen birlikde altyn güýzüň tebigaty özboluşly gözellige, täsin görnüşlere besleýändigi, bu pasylda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň, rysgal-berekediň baýramy bolan Hasyl toýunyň uludan toýlanylýandygyny, güýzüň kämil pikir-garaýyşlary seriňe dolduryp, kämil şygyrlaryň döremegine hem täsirini ýetirýändigini bellediler. Döredijilik duşuşygynyň täze şygyrlary döretmäge uly ýardam etjekdigini hem buýsanç bilen aýtdylar. Güýzde üzümdir narlaryň, gawundyr garpyzlaryň kemsiz bişip, güneşe baý ýurdumyzda ýetişen bu nygmatlaryň tagamynyň örän süýjüligi bilen tapawutlanýandygyny, mahlasy, altyn güýzüň rysgal-berekediň paslydygyny şahyrana dilde beýan etdiler. Şahyr Gurbanjemal Annakowanyň güýz hakynda okan şygrynda şeýle setirler bar.
Döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň döredijilik ylham-joşgunlaryny has-da artdyryp işlemäge ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, il-ýurt bähbitli beýik işleri arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlardaky döwrebap ösüşlerini has-da belende götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik
işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.