logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ÝAZYJYLARYŇ YLHAM ÇEŞMESINDEN RUHLANYP ÝAZYLAN GOLLANMALAR» WE ŞAHYR GURBANNAZAR EZIZOWYŇ ŞYGRYÝETI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Ýazyjylaryň ylham çeşmesinden ruhlanyp ýazylan gollanmalar” we şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler sanardan köpdür. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan ussat halypalarymyzy, olaryň edebiýat älemindäki bitiren işlerini ýagşylykda ýatlaýar. Şolaryň biri hem şygryýet äleminde öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowdyr. Söhbetdeşligiň dowamynda hem çykyş edenler şahyryň ömri we döredijiligi hakynda gürrüň berdiler we birnäçe goşgularyny ýatdan aýdyp berdiler. Bu bolsa şahyryň şu günki günde hormatynyň beýikligini aňladýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.