logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝAZYŇ HEM GÜÝZÜŇ ŞAHYRY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýazyň hem güýzüň şahyry» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizowyň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan goşgulary, poemalary indi ençeme ýyllar bäri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip halkyň kalbynda baky orun alýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, Gurbannazar Ezizow «Ýazyň-güýzüň şahyry» diýip tanalýandygyny, ýöne ol Watanyna, ene-topragyna, adamlara bolan söýgüsini gursagynda göterip gezeni üçin oňa söýgüniň şahyry hem diýilýändigi barada beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda şahyryň birnäçe şygyrlaryndan labyzly okaldy we çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatymyzy ösdürmekde we dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.