logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝAZYŇ–GÜÝZIŇ ŞAHYRY

ÝAZYŇ–GÜÝZIŇ ŞAHYRY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýazyň–güýziň şahyry» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň şygryýetiniň ösmegine, çuň mazmunly goşgular bilen baýlaşmagyna uly goşant-goşan meşhur şahyrdygy, Gurbannazar Ezizowyň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan goşgulary, poemalary indi ençeme ýyllar bäri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip halkyň kalbynda baky orun alýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmak boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.