Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir” diýip belleýär. Dünýä taryhyna örän pajygaly döwür bolup giren 1941-1945-nji ýyllarda merdana halkymyz söweş meýdanynda batyrgaýlyk, mertlik, edermenlik, watansöýüjilik ruhunyň belent nusgasyny görkezip, nesilleriň ömürlik hormatyna mynasyp boldular. Ýeňiş diňe bir taryhy waka däl-de, eýsem, biziň ruhy gymmatlygymyz, asuda asmanymyzyň binýady hökmünde dabaralanýar. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan “Gahrymanlarymyza hormat” atly sergide hem, şol gahrymançylykly ýyllaryň çeper beýany, halkymyzyň sarsmaz ruhy sungatyň dili bilen açylyp görkezilýär. Sergide ussat suratkeşlerimiziň we heýkeltaraşlarymyzyň dürli öwüşginli eserleri ýerleşdirildi. Sergä myhmanlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Goý, ýurdumyz hemişe parahat, asmanymyz dury we asuda bolsun!