Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyz öz dogduk mekanyny goramakda, öz maşgalalarynyň ar-namysyny we mertebesini aýap saklamakda, geljekki nesilleriň bagtyýarlygy, jahandaky ähli adamlaryň parahatçylykly we bagtyýar durmuşy ugrunda edermenlik, gaýduwsyzlyk görkezen gahrymanlaryna uly sarpa hormat goýýar.
«Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar» diýip hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow örän jaýdar belleýşi ýaly Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Ýeňişlerden ýeňişlere ýör Watan!» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi. Söhbetdeşligi «Miras» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Şeker Hüseýinowa alyp bardy. Söhbetdeşlige Oguljemal Orazdurdyýewa-Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň At gazan Medeniýet işgäri, «Magtymguly Pyragy» 300 ýyllyk ýubileý medalynyň eýesi. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Watan Gahrymany Gurban Durdynyň agtygy Begençmyrat Gurbanow, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Salgyt bölüminiň Uly salgyt inspektory, Watan Gahrymany Berdimyrat Döwletjanowyň agtygy Kowus Döwletjanow hem-de muzeýiň Muzeý işini guramak bölüminiň bölüm müdiri Ogulşat Dädebaýewa gahrymanlaryň ömür ýollary, öý-ojagyny saklan zenanlaryň zähmet gahrymançylyklary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atasy, il hallar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup durýandygynyň ähmiýeti barada giňişleýin söhbetdeşlik etdiler.
Atalarymyzyň «Ölüsini sylan beg bolar» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, biziň pederlerimize çäksiz hoşallygymyz, olaryň gahrymançylykly hereketleri baradaky hakydamyz anyk işlerde beýanyny tapýar. Watanyň merdana ogullaryna uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan döwlet ähmiýetli işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin.!